
MacRumors portalynyň bilermenleri iPhone 18 Pro seriýasyna garaşmak üçin 9 sany möhüm sebäbi görkezdiler. Esasy tehnologiki böküş 2 nm-lik A20 Pro çipi we smartfonlarda ilkinji gezek peýda boljak üýtgeýän diafragmaly kamera bolar. Dynamic Island ululygy iki esse diýen ýaly kiçeler, bu bolsa ekranyň has giň görünmegini üpjün eder. Pro Max ulanyjylary üçin 5200 m-Ag çenli rekord batareýa taýýarlanylýar. Şeýle hem, Camera Control düwmesi has ýönekeýleşdirilip, ýalňyş basyşlaryň öňi alnar. Dünýäde bahalaryň ýokarlanmagyna garamazdan, Apple täze modelleriniň bahasyny öňki durşuna saklamagy meýilleşdirýär.
Çeşme: iGuides / MacRumors
Keywords