«Iş Nokady» bilim merkezi çagalar, ýetginjekler we ulular üçin daşary ýurt dilleri boýunça okuw kurslaryny hödürleýär. Okuw maksatnamasyna italýan, iňlis, hytaý, ispan, ýapon we nemes dilleri girýär.
Merkeziň maglumatyna görä, sapaklar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda, 6–8 adamdan ybarat kiçi toparlarda geçirilýär. Okuw prosesinde her bir talybyň aýratyn çemeleşmesine, döwrebap usullaryň ulanylmagyna we yzygiderli seslenmä aýratyn üns berilýär. Esasy maksat dil öwrenýänleriň gündelik we hünär durmuşynda erkin aragatnaşyk saklamak başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Italýan dili
Italýan dili boýunça okuwlar sungat, moda we italýan medeniýeti bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir. Sapaklary ýörite şahadatnamalary bolan mugallymlar alyp barýarlar we olar Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Şeýle-de okuwçylara Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerine we dil kurslaryna okuwa girmek, ýurda barandan soň täze gurşawa uýgunlaşmak meselelerinde goldaw berilýär.
Iňlis dili
Iňlis dili sapaklarynda gepleşik tejribesine we dil gurşawyna doly aralaşmaga ähmiýet berilýär. Okuwlar diňe iňlis dilinde geçirilýär. Ulular üçin işewür gepleşikleri, duşuşyklary we pikirleri tanyşdyrmagy öwredýän Business English kursy göz öňünde tutulýar. Ýetginjekler bolsa dürli döwrebap temalar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän Speaking Club sapaklaryna gatnaşyp bilerler.
Hytaý dili
Hytaý dili boýunça okuwlar çagalar we ulular üçin niýetlenendir. Maksatnamanyň aýratynlygy «iňlis dili arkaly hytaý dilini öwretmek» usulynyň ulanylmagydyr. Bu çemeleşme okuwçylara iki diliň başarnyklaryny utgaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Merkezde HSK1–HSK4 derejelerini 10 aýyň dowamynda özleşdirmek teklip edilýär.
Ispan dili
Aşgabatda ulular we ýetginjekler üçin ispan dili sapaklary hem guralýar. Okuwçylara diňe bir diliň aýratynlyklary däl, eýsem Ispaniýanyň medeniýeti hem öwredilýär. Sapaklarda erkin gepleşmek, mugallymdan dessin seslenme almak we ýalňyşmakdan çekinmän dil tejribesini artdyrmak üçin amatly gurşaw döredilýär.
Ýapon dili
Ýapon dili boýunça okuwlar çagalar we ulular üçin hödürlenýär. Maksatnama Ýaponiýanyň medeniýeti bilen tanyşmagy, şeýle-de ýurduň üç ýazuw ulgamyny — hiraganany, katakanany we kandzini yzygiderli öwrenmegi öz içine alýar. Okuwçylar halkara JLPT synagyna taýýarlyk görüp bilerler. Toparlaýyn sapaklardan başga-da, şahsy okuw görnüşi hem elýeterlidir.
Nemes dili
Nemes dili okuwlarynda gepleşik başarnyklaryny ösdürmäge we Goethe-Zertifikat halkara synaglaryna taýýarlyk görmäge aýratyn üns berilýär. Merkez amatly okuw tertibini we dostlukly okuw gurşawyny hödürleýär.
Daşary ýurt dilleri boýunça okuwlara ýazylmak we goşmaça maglumat almak üçin +993 63 48-53-80, +993 63 42-17-05 telefon belgilerine jaň edip bolýar.
Okuw merkezi «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.