Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekillerinden düzülen topar Londona amala aşyran okuw saparyny tamamlady. Hünär kämilleşdiriş maksatnamasy Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen AELLCA atly sebit bilim taslamasynyň çäklerinde Westminster uniwersitetinde geçirildi.
Okuw saparynyň dowamynda türkmen mugallymlary Beýik Britaniýanyň häzirki zaman ýokary bilim ulgamynda ulanylýan öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar. Hususan-da, talyplaryň bilim alşynda işjeň ornuny göz öňünde tutýan okatmak usullary, inklýuziw bilim gurşawyny döretmek hem-de emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylýan şertlerinde akademiki bahalandyrma ulgamlaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Maksatnamanyň amaly tapgyrynda wekiller uniwersitetiň Kawendiş we Harrow şäherçelerinde ýerleşýän sanly ylmy-barlag merkezlerine, ýöriteleşdirilen barlaghanalara we kitaphanalara baryp gördüler. Şeýle hem olar 150 ýyllyk taryhy bolan Westminster uniwersitetiniň Hukuk mekdebiniň işi bilen tanyşdylar. Bu okuw mekdebi, hususan-da, kazyýet işleriniň nusgalyk görnüşde geçirilmegi üçin niýetlenen ýörite zallary bilen tapawutlanýar.
Britan ýokary bilim ulgamynyň tejribesini öwrenmek we halkara bilermenler bilen geçirilen interaktiw okuw sapaklary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň usulyýetini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Saparyň dowamynda gazanylan tejribeleriň we işläp taýýarlanan usulyýet çemeleşmeleriniň ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de dil taýýarlygyny ösdürmäge ýardam bermegine garaşylýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.