Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky «Ülkämiziň tebigaty» daýhan hojalygy oba hojalyk ekinlerini ösdürmekde we bol hasyl almakda durnukly üstünlikleri gazanýar. 2022-nji ýylda esaslandyrylan we Azamat Hajyýewiň ýolbaşçylyk edýän bu hojalygynda döwletimiz tarapyndan berlen ýerlerden hemmetaraplaýyn netijeli peýdalanylýar.
Hojalygyň alyp barýan işleri diýseň netijeli bolup, şu ýyl ekin meýdanlarynyň göwrümi has-da giňeldildi. Hususan-da, 71 gektar ýerde garpyzyň dürli görnüşleri, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan meşhur «Jeýhun» görnüşi köpçülikleýin ekilip, ýokary hilli önüm alyndy.
Mundan başga-da, daýhan hojalygynda baý tejribe toplanylyp, bakja we gök ekinleriň beýleki görnüşleri hem ýetişdirilýär. Häzirki wagtda 10 gektar meýdanda soganyň, 4 gektarda pomidoryň we 1 gektarda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirilip, ilatymyza ýokumly we arassa önümleri hödürlemek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.