
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin şulary ýatladýar.
Binalardyr desgalaryň we olaryň çäklerinde ot ýakmak, önümçilik galyndylaryny, zir-zibilleri ýakmak gadagan edilýär. Elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçilikde saklamaly. Doňan suw geçiriji, lagym we beýleki turbalary açyk ot bilen gyzdyryp açmakdan, näsaz we döwlet ülňülerine gabat gelmeýän dürli elektrik ýylylyk berýän, goraýjy enjamlary ulanmaga ýol bermekden saklanmalydyr. Binadyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýerleşýän elektrik geçirijiler degişli hünärmenler tarapyndan barlanyp durulmalydyr. Elektrik geçirijilerde ýüze çykaýjak näsazlyklaryň öňüni almalydyr.
Keywords