
Adaty akylly sagatlaryň we halkalaryň ýerini täze nesil enjamlary — neýrogarnituralar eýeleýär. Bu enjamlar beýniniň elektrik signallaryny (EEG) okaýarlar we emeli aňyň kömegi bilen saglygy dolandyrmaga ýardam edýärler. Mysal üçin, Elemind kellesine dakylýan enjam uky hilini gowulandyrmak üçin "gülgüne ses" ulanýar, Neurable nauşnikleri bolsa ünsüň jemlenişini yzarlaýar. Seljeriji Ýuldaşow Merdan bu tehnologiýanyň diňe bir gözegçilik bilen çäklenmeýändigini belleýär: Flow Neuroscience kompaniýasynyň enjamy derman ulanmazdan depressiýany bejermek üçin FDA tarapyndan tassyklanyldy. Hatda Apple hem EEG datçikli AirPods-laryň patentini alýar, bu bolsa "beýni-kompýuter" interfeýsiniň durmuşymyza doly ornaşjakdygyny görkezýär.
Awtory: Ýuldaşow Merdan, Amul Info seljerijisi
Keywords