Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň mazmunyny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, ýerlerde wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Şu gün — 2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Kerki etrap häkimligi tarapyndan etrap medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek boýunça giň möçberli maslahat geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Amangeldi Hezziýew, etrap häkiminiň medeni-durmuş işleri boýunça orunbasary Dilber Ýagşyýewa, etrabyň hormatly ýaşuly ýaşaýjylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärlerinden ybarat jemi 180 sany adam gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan belent işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekdiler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy özenini ynsan bähbitli syýasatyň düzýändigini belläp, Halk Maslahatynyň döwlet möhümligindäki çözgütleri kabul etmekde we jemgyýetçilik birligini berkitmekde möhüm orun bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.

Täsirli we ruhubelent ýagdaýda geçen maslahat gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.