Ki­tap oka­mak bi­len ömür do­wam­ly­ly­gy­nyň ara­syn­da gö­ni ­bag­la­ny­şyk bo­lup bi­ler. Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry yzy­gi­der­li ki­tap oka­ma­gyň stres de­re­je­si­ni pe­seld­ýän­di­gi­ni, ýa­dy go­wu­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny we adamyň uzak ýaşamagyna ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­r «Na­tio­nal Ge­og­rap­hic» žur­na­lynda çap edildi.

Ame­ri­kan psi­ho­te­ra­pew­ti Zoi Şou ki­tap oka­mak bi­len ömür do­wam­ly­ly­gy­nyň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny şeý­le dü­şün­dir­ýär: – Siz ki­ta­ba gy­zy­gyp gi­de­ni­ňiz­de, köp­lenç me­di­ta­si­ýa meň­zeş «trans» ýag­da­ýy­na gir­ýär­si­ňiz we bu ýag­daý si­zi stres­den go­ra­ýar.

Bu nazaryýetiň esasy subutnamasy hökmünde Ýel jemgyýetçilik saglygy goraýyş mekdebiniň geçiren ylmy işi görkezilýär. Barlagyň çäginde alymlar 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan uly 3,5 müňden gowrak meýletinçä gözegçilik etdiler. Netijede, yzygiderli kitap okaýan gatnaşyjylaryň kitap okamaýanlara garanyňda, ortaça 23 aý köp ýaşandygy anyklandy. Barlaglarda adamyň bilim derejesiniň we kognitiw ukyplarynyň bu görkezijä hiç hili täsir etmeýändigi bellenilýär. Sagdynlyk üçin jemgyýetçilik gatnaşyklary örän ähmiýetli hasaplanýar, edebiýat hem bu tejribäniň ornuny tutup bilýär. Sebäbi adam kitap okan wagty öz duýgularyny ösdürýär we dünýäni başga biriniň gözi bilen görmegi öwrenýär. Mundan baş ga­da, kitap okamak ýalňyzlyk duýgusyny peseldýär. Alymlaryň pikiriçe, ýalňyzlyk duýgusy hem edil çilim çekmek ýa­da semizlik ýaly, wagtyndan öň garramagyň esasy töwekgelçilikli faktorydyr. Zoi Şou: – Okamak şol bir wagtyň özünde beýniniň birnäçe bölegini – üns, ýat we göz öňüne getirmek üçin jogapkär bolan gepleýiş zolagyny işe girizýär, bu bolsa wagtyň geçmegi bilen kognitiw goragy güýçlendirýär – diýip belleýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, munuň üçin her gün bary-­ýogy 10-­30 minut kitap okamak ýeterlikdir.