Amerikaly alymlar yzygiderli kofe içmek endiginiň bagryň sirrozy, rak keselleri we dürli patologiýalar howpuny ep-esli azaldýandygyny ýüze çykardylar. «Clinical Gastroenterology and Hepatology» ylmy žurnalynda çap edilen täze barlag bu meşhur içginiň peýdaly taraplarynyň biohimiki mehanizmlerini açyp görkezdi.
Barlag Amerikanyň «Sedars-Sinai» lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri tarapyndan «Britan biobankynyň» 354 müň 957 gatnaşyjysynyň maglumatlary esasynda amala aşyryldy. Alymlar 13 ýylyň dowamynda adamlaryň saglyk ýagdaýyny, endiklerini we lukmançylyk kartalaryny öwrenip bardylar.
Netijeler görkezşi ýaly, günde bäş käse we ondan hem köp kofe içýänlerde sirroz keseli 32 göterim, bagryň ragy 47 göterim, bagr kesellerinden ölmek ähtimallygy bolsa 42 göterim azalýar. Ýokary gorag täsiri günde üç-dört käse kofe içýänlerde has hem aýdyň ýüze çykdy. Şeýle hem bu oňyn ýagdaýyň kofeingiz (kofeinsiz) kofeni gowy görýänlerde hem synag edilmegi, onuň peýdasynyň diňe bir kofein bilen däl-de, eýsem antioksidantlar we polifenollar ýaly maddalar bilen baglydygyny subut etdi.
Hünärmenler bu içginiň peýdaly bolmagyna garamazdan, gan basyşlygy ýok, ýüregi näsaz, ukysyzlykdan ejir çekýän adamlaryň seresap bolmalydygyny, şeýle hem kadaly agramy saklamagyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň bagry goramakda uly ähmiýete eýedigini ýatlatdylar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.