
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy, şol sanda maldarçylyk ulgamy durnukly ösüşleri başdan geçirýär. Şu ýylyň jogapkärli möwsüminde Lebap welaýatynyň maldarlary dowarlardan 1 million 261 müň 714 baş owlak-guzy almak baradaky meýilnamany durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.
Bu uly sepgide ýetmek üçin maldarlar irgözinden düýpli alada etdiler. Uzak öri meýdanlarynda dowarlaryň dok we ýyly gyşladylmagy, ot-iým gorunyň artygy bilen taýýarlanmagy häzirki netijeleriň esasy binýadyny goýdy. Bu ýylyň bahar paslynyň hem eýýäm irinden ygally gelmegi, sähralaryň gök maýsa bürenmegine sebäp boldy. Bu amatly tebigy şertler dowardarlarymyz üçin goşmaça itergi bolup, owlak-guzy almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçmegine ýardam berdi.
Häzirki wagtda welaýatyň maldarlary bu möwsümiň tamamlaýjy tapgyryna gadam basdylar. Gazanylan görkezijiler zähmetkeşleriň uly ýeňişlerine şaýatlyk edýär:
Möwsümiň dowamynda diňe bir sany däl, eýsem hasylyň hiline hem aýratyn üns berilýär. Degişli hünärmenler we weterinar lukmanlary owlak-guzularyň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar. Esasy maksat — alnan täze nesliň agramly bölegini malyň baş sanyny artdyrmak üçin össürime galdyrmakdan ybaratdyr.
Giň sähranyň goýnunda dowam edýän bu asylly zähmet, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkidir we maldarçylyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant bolar.
Keywords