ž
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze bugdaý ekiş möwsümine badalga bermek mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Watan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Raýimowa degişli 24 gektar meýdanda geçirilen çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýaşulular, oba hojalyk pudagynyň hünärmenleri hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.
Dabaranyň dowamynda oba hojalyk tehnikalarynyň we önümleriniň, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň traktorlary bilen ekiş işleriniň geçirilişi görkezildi. Medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary hem çärä baýramçylyk öwüşginini berdi.
Çäräniň ahyrynda ýaşulular bugdaý ekişiniň üstünlikli geçirilmegi we bol hasyl alynmagy baradaky ýagşy arzuwlaryny aýdyp, ekişe ak pata berdiler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.