Liwiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy boş kätip wezipesini eýelemek üçin bäsleşik yglan etdi. Bu wezipä dalaş edýänlerden rus we iňlis dillerini ýazuw hem-de gepleşik derejesinde erkin bilmek, kompýuterden we Microsoft Office maksatnamalaryndan (Word, Excel, Outlook, PowerPoint) ynamly peýdalanmak talap edilýär. Şeýle-de, ofis enjamlary bilen işlemek başarnygy bolmalydyr. Arap ýa-da beýleki daşary ýurt dillerini bilmek goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.

Dalaşgärlerden resmi iş hatlaryny taýýarlamagyň düzgünlerinden we diplomatik edep kadalaryndan habarly bolmak, telefon arkaly gepleşikleri alyp barmak, gelýän we iberilýän hat-habarlary kabul etmek hem-de hasaba almak boýunça tejribe garaşylýar. Şeýle-de duşuşyklary, maslahatlary we myhmanlary kabul etmek çärelerini guramak başarnyklaryna üns berler.

Wezipä dalaş edýänler jogapkärçilikli, takyk, sypaýy, dartgynly ýagdaýlarda özüni alyp bilýän, gizlin maglumatlary goramagyň we diplomatik sypaýylygyň kadalaryny berjaý edýän bolmalydyr.

Kätibiň esasy wezipeleriniň hataryna gelýän jaňlary, hatlary we resminamalary kabul etmek hem-de işlemek, rus we iňlis dillerinde resmi hat alyşmalary alyp barmak, resminamalary, kepilnamalary we gündelik hat-habarlary terjime etmek, duşuşyklaryň tertibini düzmek, myhmanlary kabul etmegi guramak, şeýle hem ilçihananyň işini administratiw-tehniki taýdan üpjün etmek girýär.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler surat goşulan terjimehalyny (CV) rus ýa-da iňlis dilinde taýýarlap, libembassy24@gmail.com elektron salgysyna iberip bilerler.