Gazagystanyň Almaty şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň mejlisi we ikitaraplaýyn işewürlik forumy geçirildi.

Duşuşyklaryň esasy maksady iki ýurduň hususy işewürlik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde türkmen we gazak işewür toparlarynyň wekilleri göni B2B görnüşindäki duşuşyklary geçirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylygynyň wekili Begenç Arazow ýolbaşçylyk etdi. Ol çärä gatnaşyjylara ýurdumyzyň hususy pudagynyň mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda çig mal pudaklaryny hasaba almazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 72 göteriminden gowragy hususy işewürligiň paýyna düşýär. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, logistika we hyzmatlar ulgamlarynda iş alyp barýan 29 müňden gowrak kiçi we orta telekeçilik subýektini birleşdirýär.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanda telekeçiler üçin ýeňillikli karzlaşdyryş mümkinçilikleriniň we amatly salgyt şertleriniň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem hususy pudagyň ösüşine «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň hem-de ýöriteleşdirilen okuw edaralarynyň goşant goşýandygy nygtaldy.

Forumyň dowamynda taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň birnäçe ileri tutulýan ugruny kesgitlediler. Olaryň hatarynda ýeňil, azyk we himiýa senagatynda bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek, täze logistika geçelgelerini döretmek üçin ulag ugurlaryny utgaşdyrmak, şeýle hem sanly hyzmatlary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary öz içine alýan innowasion çözgütleri ornaşdyrmak bar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan goňşulygynyň, şeýle hem ulag we infrastruktura mümkinçilikleriniň ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýändigini bellediler.