
Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji gezek optiki-süýümli we simsiz signal beriş ulgamyny birleşdirýän desgany döretdiler. Häzirki wagta çenli inženerlere ýeke-täk düzümiň içinde toruň iki görnüşiniň arasynda ýokary tizlikli maglumat alyş çalşygyny gazanmak başartmandy. Emma täze işläp taýýarlamanyň netijesinde, optiki-süýümli ulgam arkaly sekuntda 512 Gbit, simsiz aragatnaşyk arkaly bolsa sekuntda 400 Gbit tizlige ýetildi — bu bolsa dünýä rekordydyr diýip, "Bolşaýa Aziýa" media topary habar berýär.
Täze ulgam 5G torlarynyň geçirijilik ukybyndan 10 esseden hem köp ýokarydyr. Gibrid ulgamynyň synaglarynyň dowamynda alymlar bir wagtyň özünde 86 kanal arkaly 8K formatyndaky wideonyň göni ýaýlymyny üstünlikli amala aşyrdylar. Alymlaryň belleýşi ýaly, bu täze açyş 6G torlaryny ýaýratmakda we simsiz maglumat merkezlerini (data-center) döretmekde uly mümkinçiliklere eýedir.
Keywords