Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa — ASEAN» sammitine gatnaşar we şondan soň Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada ol özüniň «X» sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Saparyň esasy ugurlary:

  • Kazan sammiti: Anwar Ibrahim Kazanda geçiriljek «Russiýa — ASEAN» sammitine gatnaşar, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar we «Russiýa — ASEAN» işewürlik forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär. «Russiýa — ASEAN» sammiti Gazan şäherinde 17-nji iýundan 19-njy iýun aralygynda geçiriler.
  • Aşgabat sapary: Russiýadaky saparyndan soňra, ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabada geler.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar uzak ýyllaryň dowamynda berkap gelýär. Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyna garaşylýar.

Şeýle hem, şu ýyl Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistanda işläp başlanyna 30 ýyl dolýar. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar we sergiler geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.