
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, bu sapar iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýlup, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýady 43 sany resminama bilen berkidilendir.
Iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli saparlar syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şu wagta çenli taraplaryň arasynda jemi 9 sany resmi we döwlet sapary guraldy. Hususan-da:
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran saparlary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we syýasy dialogyň giňelmegine uly itergi berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykardy. Häzirki wagtda taýýarlyk görülýän Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň saparynyň hem hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna täsirli goşant goşjakdygy bellenildi.
Keywords