
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen duşuşygyň dowamynda, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmak barada pikir alyşyldy. Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini täze wezipesi bilen gutlap, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Müsürli diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we milli parlamentiň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Keywords