Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş sapary başlandy. Bu barada Mejlis habar berýär Saparyň esasy maksady Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlarynyň Dialogyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Iş saparynyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Çykyşlarda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde bu Dialogyň halkara ähmiýetli meýdança öwrülendigi bellenildi.
Mejlisiň Başlygy öz çykyşynda Türkmenistanyň bu ugurda bitirýän işlerine, aýratyn-da sanlylaşdyrmak strategiýasyna ünsi çekdi:
- Zenanlaryň maglumat tehnologiýalaryna (IT) bolan gyzyklanmasyny artdyrmak boýunça BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar.
- Sanly ykdysadyýet arkaly Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň global bazara goşulyşmagyny üpjün etmek.
- Ýurdumyzda zenanlaryň döwlet dolandyryşyndaky we ylmyndaky ornuny berkitmek üçin kämilleşdirilýän kanunlar.
Milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etjekdigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda aşakdaky çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär:
- Halkara zenanlar dialogy.
- Demografiýa meseleleri boýunça halkara maslahat.
- GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisi.
D.Gulmanowa Buharadaky forumyň gatnaşyjylaryny bu dabaraly çärelere gatnaşmaga we durnukly ösüş boýunça oňyn tejribeleri paýlaşmaga çagyrdy.
Forumda türkmen alym zenanlarynyň biotehnologiýa, ekologiýa we innowasion tehnologiýalar ugurlarynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berildi. Şeýle hem ýaşlaryň inženerçilik başlangyçlaryny goldamagyň sebitdäki durnukly ösüşiň esasy binýady bolup durýandygy nygtaldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.