Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri 2026-njy ýylyň 17–19-njy noýabry aralygynda Polşanyň Žguw şäherinde geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisinde görkeziler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew milli dokma kärhanalarynyň halkara çärä gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Sergide «Made in Turkmenistan» haryt nyşany bilen öndürilýän önümler milli pawilýonda tanyşdyrylar. Onda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli hususy kärhanalarda öndürilýän taýýar tikin önümlerini, trikotaž önümlerini, mahmal we tüýjümek matalary, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa pagta süýümini görkezmek meýilleşdirilýär.

Türkmen öndürijileriniň bu halkara sergä gatnaşmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, türkmen önümleriniň Ýewropa bazarlarynda tanyşdyrylmagyna we täze söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam eder. Şeýle-de serginiň çäklerinde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň distribýutorlary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak we täze şertnamalary baglaşmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine garaşylýar.

«Fast Textile – 2026» sergisi türkmen dokma önümleriniň halkara bazaryndaky ornuny berkitmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de ýerli öndürijileriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklaryny ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.