31-nji iýulda Yssy-Köl kenaryndaky Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Azerbaýjanyň prezidentiniň resmi däl maslahat duşuşygy geçirildi. Sammitiň esasy netijesi ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli strategik ynamy berkitýän Çolpon-Ata deklarasiýasyna gol çekilmegi boldy.

Döwlet baştutanlary söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ulag-logistika geçelgelerini giňeltmegi we energetika howpsuzlygyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Möhüm çözgütleriň biri hem «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» formatyndaky indiki doly derejeli sammitiň 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdiginiň yglan edilmegi boldy.