
Maral Akmyradowa: Durmuş käte bizi garaşylmadyk pursatda ykbal öwrümleri bilen synaýar eken. Meniň üçin şol agyr synag — diregim, mähriban kakam bilen hoşlaşmaly günüm boldy. Häzir daş-töweregime seredenimde, öýümiziň her ýerinde onuň ýüreginiň ýylysy, eliniň yzy bar, emma özi ýok. Kakam gideli bäri dörän şol boşlugy bolsa hiç zat, hiç kim dolduryp bilenok. Şu gün kakamy öňküden has göresim geldi.
Şu wagt biri: «Kaka!» diýse, ýüregim jigläp gidýär. Belki, bu her kimde-de şeýledir. Soňam, kaka diýilse, ilki bilen, onuň mylaýym seslenişi we mähirli garaýşy göz öňüme gelýär. Çünki kakam hiç wagt gaty ses bilen gürlemezdi, emma onuň her bir sözi many-maňyzlydy, juda täsirlidi. Bize durmuşyň kynçylyklaryna gahar-gazap bilen däl-de, sabyr we mähir bilen jogap bermegi öwretdi. Ýanyna baranyňda, dünýäniň ähli aladalary ýitip giden ýaly bolardy. Ol iň ýakyn maslahatçymdy, syrdaşymdy.
Onuň iň uly baýlygy — adamkärçiligidi. Kakam diňe biziň däl, goňşy-golamlarymyzyň, tutuş obadaşlarymyzyň sylag-hormatyna eýedi. Dost-ýaryna kömek-goldawyny gaýgyrmazdy. Onuň: «Ýüregiňi arassa tut, gyzym, her kime mähir bilen bak!» diýen nesihaty gulagymda ýaňlanýar. Kakamyň ýüzündäki şol parahat ýylgyryş, hatda iň kyn pursatlarda-da töweregindäkilere ynam we rahatlyk bererdi. Garaz, onuň ýaşan ömri mähirden dokalandy.
«Ataň bar — şatlygyň bar» diýleni. Hakykatdan-da, kyblaň barka şatlygyňam başgaça. Edil özüňi çaga ýaly duýýarsyň. Bir zatlara arkaýyn bolýarmyň, nämemi?! Indi bolsa şol uly gaýanyň ýokdugy her ädimde duýulýar. Ýöne bir zada düşündim. Kakam bize diňe bir ýatlama däl, eýsem, uly durmuş mekdebini miras goýdy. Onuň sungat bilen bezelen ömri öçmejek ömür sazyny çalýardy. Sungat adamsy bolany üçinmi ýa-da tebigaty şeýlemi, durmuşyň iň ownuk pursatlaryndan hem gözellik tapmagy başarardy. Parahat keşbi, edil bir kämil eser ýalydy. Şol kämillik häzirki günde ajaýyp aýdym-sazlaryň, ýagşy ýatlamanyň täsirinde ýaşamagyny dowam edýär.
Keywords