Milli sungatyň taryhynda öçmez yz goýan: Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow aradan çykdy
1 min okamak1

Türkmen medeniýeti we sungaty uly ýitgä duçar boldy — ussat sazanda, kompozitor we Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow aradan çykdy.
Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda, kompozitor we mahmal owazly aýdymçy Şamämmet Bäşimowyň aradan çykmagy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet jemgyýetçiligi uly gynanç bildirýär. 1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inen sungat ägirdi özboluşly aýdym-saz ýoly, milli sungatymyza goşan uly goşandy we ýatdan çykmajak eserleri bilen türkmen medeniýetinde öçmez yz galdyrdy.
Şamämmet Bäşimow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen, 2017-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at bilen sylaglanypdy. Ussat sungat ussadynyň ömür we döredijilik ýoly milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde hem-de ony geljekki nesillere ýetirmekde öçmez nusga bolup galar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.