«Üzüm alaýyn» diýip, bazara ýa dükana sowulsaň, «Meni al-da, meni al» diýýän ýaly, biri-birinden owadan, lowurdap duran üzümleriň haýsy birini aljagyňy bilmänem esli durýarsyň. Bu miwäniň azyndan 3 – 4 görnüşiniň isledigiňçe tapylyp durmagy seni örän begendirýär. Elbetde, munuň üçin işine ezber kärendeçilerimiziň, ýörite üzümçilik hojalyklarynyň irginsiz yhlas edýändiklerini aýtmak hökmany. Şeýle zähmetkeş, öz işine berlen daýhanlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Abadan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurýagdy Rejebowdyr.
Nurýagdy Rejebowyň gürrüň bermegine görä, onuň bu şypaly miwäniň dürli görnüşlerini ekip, olardan bol hasyl alyp ýörenine on bäş ýyl töwerekläberipdir. Ol özüniň 3 gektar ýerine üzümiň «Bidäne», «Gelinbarmak», «Gyzyl üzüm», «Taýpy» ýaly görnüşlerini ekýär. Her ýylky alýan hasylynyň möçberi hakynda soranymyzda bolsa, ol: «Hemme zat nesibä baglydyr. Ony «pylan» diýip öňünden kesgitläb-ä bolmaz welin, azabyňy gaýgyrmasaň, her gektardan, takmynan, 20 – 25 tonna aralykda hasyl alyp bolýar. Üzüm sortlarynyň hemmesi-de deň däl. Ony hem aýtmak gerek. Mysal üçin, «Bidäne» beýleki görnüşlere garanyňda, köp hasyl berýär» diýdi. Biz hem zähmetsöýer kärendeçä yhlasly işinde şowlulyklaryň, üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.