
Ýurduň demirgazyk sebitiniň awtomobil ýollary ulgamyny giňeltmek we degişli ýagdaýda saklamak boýunça Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollaryny ulanmak baradaky müdirliginiň agzybir işgärleri uly işleri amala aşyrýarlar.
Häzirki günlerde müdirligiň hünärmenleri Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşigine barýan awtomobil ýolunyň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Bu ýerde ýol düşeginiň bir ýarym kilometrlik böleginde rekonstruksiýa işleri geçirilip, häzirki wagtda asfalt düşemek işleri alnyp barylýar.
Şuňa meňzeş çäreler Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň oba ýerleriniň, şeýle-de Daşoguz şäheriniň käbir awtomobil ýollarynyň aýry-aýry böleklerinde hem amala aşyrylýar.
Şu ýylyň dowamynda müdirligiň hünärmenleri sebitiň dürli künjeklerinde degişli işleriň uly möçberini ýerine ýetirmeli bolarlar. Olar zerur bolan serişdeler bilen, esasan, Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody tarapyndan üpjün edilýär.
Daşoguz welaýaty ösen ýol-ulag düzümine eýedir. Sebitde ulag ýollaryny we kommunikasiýalaryny giňeltmek hem-de olary talaba laýyk ýagdaýda saklamak üçin zerur şertleriň bolmagy, şeýle hem dürli ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan her ýyl geçirilýän degişli işler ýük we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň yzygiderli artmagyna, awtomobil ýollarynda hereketiň howpsuzlygynyň we oňaýlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Keywords