Hazar deňziniň üsti bilen geçýän Transhazar halkara ulag geçelgesi — Orta geçelge boýunça ýük gatnawlarynyň möçberiniň artmagy bu ugurda howpsuzlygy üpjün etmek we gümrük gözegçiligini has-da kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetini artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň degişli port we gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşmagynda amaly okuw geçirildi.

Okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýata garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNODC), Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Sebitleýin gümrük edaralarynyň torunyň (IREN) goldawy bilen guraldy.

Amaly çäre iki sany möhüm Hazar portuny — Türkmenistanyň Halkara deňiz porty bolan Türkmenbaşy portuny we Azerbaýjanyň Alýat portuny özara baglanyşdyrdy. Türgenleşigiň ilkinji tapgyry Türkmenistanda geçirilip, soňra işler Hazar deňzinden geçýän paromyň bortunda dowam etdirildi. Okuwyň jemleýji bölegi bolsa Baku şäherinde geçirildi.

Amaly okuwlaryň esasy maksady ýokary töwekgelçilikli ýükleri ýüze çykarmak, olaryň bikanun daşalmagynyň öňüni almak we zerur halatynda dessine degişli çäreleri görmek boýunça hünärmenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Şeýle-de port we gümrük gulluklarynyň arasynda maglumatlaryň dessin alyşylmagyny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Okuwyň jemleýji maslahatynda Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük Komitetiniň başlygynyň orunbasary, general-maýor Fuad Mamedow Orta geçelgedäki üpjünçilik zynjyrlarynyň howpsuz we bökdençsiz işlemeginde dürli gulluklaryň arasynda maglumat alyşmagyň tizliginiň hem-de sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny belledi.

Nazaryýet bölüminde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň hünärmenleri we Azerbaýjanyň gümrük işgärleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerine gümrük gözegçiliginde ulanylýan döwrebap sanly çözgütler barada maglumat berdiler. Şeýle hem deňiz ulaglary arkaly ýük daşalýan mahalynda gümrük düzgünleriniň bozulmalaryny ýüze çykarmak boýunça amaly ýagdaýlar seljerildi.

Hünärmenleriň bilelikde okuw geçirmegi Hazar sebitindäki portlaryň işini utgaşdyrmaga, maglumat alyşmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýükleriň gözegçilikden geçirilmeginde bitewi çemeleşmeleri kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi bir tarapdan bikanun ýük dolanyşygynyň we kontrabandanyň töwekgelçiligini azaltmaga, beýleki tarapdan bolsa kanuny söwda bilen meşgullanýan kärhanalar üçin gümrük amallarynyň geçiş wagtyny gysgaltmaga şert döredýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Orta geçelgedäki möhüm ulag-logistika halkalarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini nazara alanyňda, degişli gulluklaryň halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkaz sebitleriniň arasynda ygtybarly, howpsuz we netijeli ulag gatnawlarynyň ösdürilmegine ýardam berýär.