2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2028-nji ýyl üçin «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilendigi mälim edildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ol öz çykyşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň ösüş maksatlaryny ilerletmekde möhüm hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup durýandygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistan YHG-nyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlarynyň taslamasyny goldaýandygyny beýan etdi. Şeýle hem bu maksatlaryň 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler maksatnamasy bilen sazlaşykly durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmen tarapy jemleýji komýunikede 2021-nji ýylyň Aşgabat Hereketler konsensusynyň ähmiýetini tassyklamak baradaky teklibi hem öňe sürdi.
Söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň Söwda ylalaşygyny tapgyrlaýyn, çeýe we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alýan esasda döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen we Hemişelik wekilleriň geňeşi tarapyndan goldanylan bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek meselesine üns çekildi.
Ulag ulgamynda Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Ýewropa bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de YHG-nyň ulag ministrleriniň nobatdaky maslahatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi habar berildi.
Energetika hyzmatdaşlygy barada çykyş edilende, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardygy hem bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Owganystany sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlyk işlerine giňden çekmegiň zerurdygy ifade edildi.
Mejlisiň möhüm netijeleriniň biri hem Mary şäheriniň 2028-nji ýylda «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilmegi boldy. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ähli agza döwletleri bu şanly waka mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan YHG-nyň agza döwletleri, Sekretariaty we beýleki düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem guramada başlyklygy öz üstüne alan Pakistana üstünlik arzuw edilip, Türkmenistanyň bu ugurda ony doly goldaýandygy beýan edildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.