
Ýurdumyzda ýerasty baýlyklary özleşdirmekde giň gerimli işleriň alnyp barylmagy, senagat taýdan gaýtadan işleýän kärhanalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi beýleki pudaklar bilen bir hatarda himiýa senagatyny depginli ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda pudagyň edara-kärhanalarynyň durkuny täzelemekde, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, şeýle-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan täze önümçilikleri işe girizmekde netijeli işler alnyp barylýar.
Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygyna ak pata bermegi bilen baýry kärhananyň ykdysady görkezijileri artdyrylyp, bu ýerde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünleri öndüriler.
Bu zawod ýurdumyzda uly mümkinçilikleri bolan kuwwatly kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Üstümizdäki ýylda önümçiligiň ýola goýulmagyna 66 ýyl bolýan bu baýry kärhananyň ilkinji önümçilik bölümi — kükürt kislotasyny öndürýän desgasy 1960-njy ýylda işe girizilipdir. Aslynda, himiýa kärhanasy 1979-njy ýyla çenli superfosfat zawody hökmünde tanalypdyr. Şol ýyl bu baýry kärhana himiýa zawody adyna eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hem bu ýerde öndürilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, kärhananyň önümçilik enjamlaryny kämilleşdirmek, könelişen desgalaryň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak meselesi esasy üns merkezinde saklanylyp, möhüm wezipä öwrüldi. Häzirki döwürde bu baýry kärhananyň 30-a golaý önümçilik bölümleri we ülüşleri bolup, zawodyň tutýan umumy meýdany 100 gektardan gowrakdyr. Soňky ýyllarda kärhananyň önümçilik bölümleriniň durkuny täzelemekde, taýýarlanylýan önümleriň hil derejesini ýokarlandyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap önümçilik, ýagny, kükürt kislotasyny öndürmeklige niýetlenilen täze desga işe girizildi. Ýaponiýanyň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kükürt kislotasy önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna barabardyr. Desganyň işläp başlamagy zawodyň önümçilik kuwwatynyň we önümleriň hiliniň ep-esli artmagyna uly itergi berdi.
Zawodyň esasy önümçilik bölümlerinden başga-da, bu ýerde gurnaýjy-abatlaýjy, mehaniki abatlaýyş, gurluşyk abatlaýyş, gözegçilik-ölçeg enjamlary hem-de awtomatika, ýylylyk energiýa, aragatnaşyk, elektrik üpjünçiligi, suw üpjünçilik we lagym ulgamy, awtoulaglar, demir ýol, arassaçylyk we saglyk, iýmit sehleri, ýyladyşhanalar, merkezi tehniki gözegçilik ýaly kömekçi ülüşler işiň bökdençsiz ýola goýulmagyna uly goldaw berýär.
Zawodyň baş ykdysatçysy Akmyrat Öwezowyň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň çäklerinde mineral dökünleri öndürýän desganyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy şanly wakalaryň birine öwrülip, baýry kärhananyň işe girizilmeginiň 65 ýyllygynyň bellenilen geçen önümçilik ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmegine uly itergi berdi. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu ýerde 151 müň 600 tonna superfosfat döküni öndürildi. Geçen döwürde zawodda 311 müň 600 tonna kükürt kislotasy taýýarlanylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Ýetilýän belent sepgitlerde himiýaçylaryň her biriniň mynasyp goşandy bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalarynyň zamanamyzyň iň kämil innowasion tehnologiýalaryna daýanmagy, senagat kärhanalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berilmegi täze ykdysady ilerlemeleriň kepili bolup çykyş edýär. Ulgamlary, şol sanda senagat kärhanalaryny sanlylaşdyrmak ertirki sepgitlerimizi kesgitleýän tehnologiki ädimdir.
Keywords