
Parižiň «Smartlet» startapy diýseň täsin modul görnüşli sagat bagyny tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa mehaniki sagady hem-de «akylly» sagady (smartwatch), şol bir wagtyň özünde, bir bilege dakynmaga mümkinçilik berýär. Fransuz öndürijileri bu dizaýny nusgawy sagatlaryň daşky görnüşini halaýan, emma «akylly» sagatlaryň mümkinçiliklerinden (bildirişler, saglyk gözegçiligi) hem el çekmek islemeýän ulanyjylar üçin iň amatly çözgüt hökmünde hödürleýärler. Täsirli çözgüt tehnologiýalar dünýäsiniň iň möhüm wakasyna öwrülen sergide — Las-Wegasda geçen «CES-2026-da» görkezildi. Poslamaýan polatdan ýasalan sagat bagynyň elýeterli bahadan hödürlenjekdigini bellemek gerek. Ajaýyp tehnologiýa «Apple Watch», «Samsung Galaxy Watch», «Google Pixel Watch», «Garmin» ýaly döwrebap «akylly» enjamlara gabat gelýär. «Smartlet» bagy mehaniki sagatlardan «Omega», «Tudor», «TAG Heuer» we «Rolex» ýaly premium markalaryň (gaýşynyň ini 18 millimetrden 24 millimetre çenli bolan) modellerine uýgunlaşdyrylandyr.
Keywords