Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýük we täjirçilik maksatly göni howa gatnawlaryny ýakyn wagtda täzeden ýola goýmak boýunça taýýarlyk görülýär. Bu barada Pakistanyň Aşgabatdaky ilçisi Farýal Legari Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan makalasynda aýtdy. Onuň sözleri «Нейтральный Туркменистан» gazeti tarapyndan çap edildi.
Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy bilen bir hatarda, awtomobil we demir ýol ulgamlary arkaly sebitara ulag-logistika baglanyşyklaryny ösdürmek hem möhüm ähmiýete eýedir.
«Pakistan we Türkmenistan göni howa gatnawlaryndan başga-da, awtomobil we demir ýol ulgamlary arkaly sebitara baglanyşyga ünsi jemlemek arkaly uly bähbitleri gazanyp bilerler» diýip, Farýal Legari belledi.
Diplomat iki tarapyň hem ýakyn geljekde ýük we täjirçilik maksatly howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmaga taýýardyklaryny aýtdy.
Ilçiniň sözlerine görä, göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy diňe bir iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge däl, eýsem, ikitaraplaýyn söwdanyň giňelmegine, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam eder.
Farýal Legari Pakistan Respublikasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletleriň biridigini hem ýatlatdy. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde kemala gelýän döwründe ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar häzirki güne çenli iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we yzygiderli gepleşikleriň binýadyny emele getirýär.
Diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen Pakistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen garaýyşlarynyň özara utgaşýandygyny hem nygtady.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.