Türkiýäniň arzan bahaly howa gatnawlaryny amala aşyrýan «Pegasus Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Özbegistanyň Buhara, Andijan we Termiz şäherlerine yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň resmi internet sahypasynda täze ugurlar boýunça petekleriň satuwa çykarylandygy habar berildi.

Täze ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň aşakdaky senelerde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär:

  • Buhara — 2026-njy ýylyň 14-nji dekabryndan;

  • Andijan — 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryndan;

  • Termiz — 2027-nji ýylyň 1-nji martyndan.

Stambuldan täze ugurlar boýunça petekleriň bahasy 99 ABŞ dollaryndan, salgytlar goşulanda bolsa 89,99 ýewrodan başlanýar. Uçuşlaryň Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menzili arkaly amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu howa menzili «Pegasus Airlines» kompaniýasynyň esasy gatnaw merkezleriniň biridir.

Kompaniýanyň iň arzan halkara nyrhy bolan «Light» tarifine goşmaça tölegsiz hasaba tabşyrylýan goş we adaty el goşy girmeýär. Bu nyrh bilen syýahat edýän ýolagçy uçaryň içine diňe agramy 3 kilograma çenli, ölçegleri 40×30×15 santimetrden geçmeýän kiçi sumkany mugt alyp biler. Sumka oturgyjyň aşagynda ýerleşdirilmelidir.

Goşmaça goşlary daşamak üçin aýratyn töleg göz öňünde tutulýar.