2026-njy ýylyň 3–4-nji noýabrynda geçirilen II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresinde türk dünýäsiniň umumy hukuk mirasy, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwletleriň arasynda hukuk taýdan jebisleşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kongresiň dowamynda Türkiýäniň Munzur uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş ylymlary fakultetiniň dosenti, doktor Sami Narter tarapyndan hödürlenen «Töreana» atly adalat nyşany aýratyn gyzyklanma döretdi.

3-nji noýabrda Kıbrıs türk adwokatlar birleşiginiň başlygy, adwokat Hasan Esendağlynyň ýolbaşçylygynda geçirilen «Türk dünýäsinde bitewileşmek» atly mejlisde Sami Narter «Töräniň hökmürowanlygyndan hukuk döwletine — Türk adalat nyşany: TÖREANA» atly ylmy çykyş bilen çykyş etdi.

«Töreana» taslamasy türk halklarynyň taryhy hukuk däplerine we nazary mirasyna esaslanyp taýýarlanypdyr. Onuň esasy maksady türk hukuk medeniýetine mahsus bolan gymmatlyklary häzirki zaman nyşany arkaly beýan etmekden ybaratdyr.

Nyşanda zenan keşbinde şekillendirilen Töreananyň açyk gözleri adalatly we oýlanyşykly baha bermegi aňladýar. Onuň elindäki terezi hak-hukugyň deňligini we adalaty, gök böriniň kellesi ýerleşdirilen töre hasasy bolsa garaşsyzlygy hem-de töräniň hökmürowanlygyny alamatlandyrýar.

Taslamanyň esasy düşünjesi «Kut’u Töre Tutar» — «Guty töre saklar» diýen ýörelge bilen düşündirilýär. Bu garaýyş döwlet häkimiýetiniň kanunylygynyň we durnuklylygynyň hukuk kadalaryna esaslanmalydygyny, şol sanda hökümdaryň hem-de beýleki ähli adamlaryň törä tabyn bolmalydygyny öňe sürýär.

Töreana gadymy döwrüň adalat hudaýynyň keşbini gaýtadan dikeltmek hökmünde däl-de, eýsem türk hukuk medeniýetiniň taryhy ýörelgelerini häzirki zaman jemgyýetiniň gymmatlyklary bilen utgaşdyrýan täze nyşan hökmünde işlenip düzülipdir. Taslama türk dünýäsinde umumy adalat nyşanyny döretmek baradaky pikiri öňe sürýär.

Kongresde hödürlenen çykyş gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Ondan soň geçirilen pikir alyşmalarda türk halklarynyň umumy hukuk mirasyny bitewi adalat nyşany arkaly beýan etmegiň ähmiýeti barada garaýyşlar beýan edildi.

«Türk adalat nyşany: Töreana» kitaby kongrese gatnaşyjylara gowşuryldy

Kongresiň çäklerinde dosent, doktor Sami Narter türk döwletlerinden gelen hukukçylara özüniň «Türk adalat nyşany: Töreana» atly kitabyny sowgat berdi. Neşirde türk hukuk medeniýetiniň taryhy esaslary, şeýle hem Töreana nyşanynyň döredilişiniň nazary binýady beýan edilýär.

Kitaby sowgat alanlaryň arasynda Türkmenistana wekilçilik edip kongrese gatnaşan «Atavatan Media» neşiriniň baş redaktory, adwokat, doktor Döwran Orazgylyjow hem bar.

Kitabyň dürli türk döwletlerinden gelen hukuk hünärmenlerine gowşurylmagy Töreana taslamasyny giňden tanatmaga we umumy hukuk medeniýeti boýunça ylmy pikir alyşmalary ösdürmäge gönükdirilen işleriň biri boldy.

Töreana nyşanynyň heýkeljigi Kıbrıs türk adwokatlar birleşigine sowgat berildi

Kongres tamamlanandan soň Sami Narter Kıbrıs türk adwokatlar birleşiginiň başlygy Hasan Esendağlynyň çakylygy boýunça birleşigiň merkezine baryp gördi. Saparyň dowamynda ol Töreana nyşanynyň heýkeljigini we «Türk adalat nyşany: Töreana» atly kitabyny birleşigiň ýolbaşçysyna sowgat hökmünde gowşurdy.

Bu duşuşyk taslamanyň hukuk hünärmenleriniň arasynda tanyşdyrylmagyna, şeýle hem türk halklarynyň umumy hukuk mirasy baradaky pikirleriň giňden ýaýramagyna goşant goşdy.

II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresi umumy taryhy hukuk däplerini öwrenmek, häzirki döwrüň hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we türk döwletleriniň hukukçylarynyň arasynda ylmy hem-de hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. «Töreana» taslamasy bolsa bu umumy mirasy häzirki zaman düşünjeleri arkaly beýan etmäge gönükdirilen başlangyç hökmünde üns çekdi.