Peruwyň günortasyndaky Puno sebitiniň Konima şäherinde häkim saýlawlarynyň netijesinde deň ses alan iki dalaşgäriň haýsysynyň ýeňiji boljakdygy şaýy zyňmak arkaly kesgitlendi. Bu barada ýerli RPP radioýaýlymy habar berdi.
Saýlawlarda «Somos Peru» partiýasyndan Ruben Kispe Kapahanýa bilen «Ýurt hemmäniňki» partiýasynyň wekili Salomino Mamani hersi 671 ses aldy. Şeýlelikde, dalaşgärleriň arasynda deňlik ýüze çykdy.
Ýeňijini kesgitlemek üçin geçirilen bije atyşlykda şaýy pul ulanyldy. Netijede, Ruben Kispe Kapahanýa ýeňiji diýlip yglan edildi we Konima şäheriniň häkimi wezipesine saýlandy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.