
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda pileçilik möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Guwak geňeşliginiň ýaşaýjysy Bahargül Gurdowa üçin bu döwür ýylyň iň jogapkärli we düşewüntli wagtydyr. Ol eýýäm 31 ýyldan bäri ýüpek gurçugyny idedip, bu gadymy senediň inçe syrlaryny ele alan tejribeli zenanlaryň biri.
Bahargül daýzanyň aýtmagyna görä, ýüpek gurçugyny idetmek aňsat iş däl, ýöne netijesi her bir kynçylyga degýär.
Bu hysyrdyly işde Bahargül daýza ýeke däl. Gurçuklara wagtynda iýmit bermekde we ideg etmekde maşgala agzalary oňa ýakyndan kömek edýärler. Pileçilik bilen bir hatarda, bu maşgala 2 gektar ýerde gowaça hem ekýär. Geçen ýyl gowaçanyň her gektaryndan 40 sentner hasyl alyp, toprakdan bereket tapmagyň ýoluny görkezdiler.
«Ýüpek gurçugy örän duýgur bolýar, oňa edil çaga ýaly ideg gerek» diýip, Bahargül Gurdowa gürrüň berýär. Döwletimiz tarapyndan ýüpekçiler üçin döredilýän mümkinçilikler, satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrýar.
Bahargül daýza we onuň agzybir maşgalasy häzirki günlerde hem gowaça meýdanyndaky işleri, hem-de pile sarymyny utgaşykly alyp barýarlar. Olaryň iň uly arzuwy — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen barmak.
Keywords