
Capcom kompaniýasy ýakyn wagtda çykjak Resident Evil Requiem horror oýny boýunça täze, giňişleýin gemplaýy hödürläp, şol bir wagtda PlayStation 5 Pro konsolundaky öndürijilik barada hem möhüm maglumatlary mälim etdi. Oýun 27-nji fewralda çykýar.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, PS5 Pro-da oýun 4K çözgütdе 90–120 kadr/sekunt bilen işläp biler — munuň üçin şöhleleriň yzarlanmagy (ray tracing) öçürilmeli. Eger ray tracing açyk bolsa, oýun 4K + 60 k/s tertibinde işlediler. Oýnuň haýal we dartgynly temmini nazara alanyňda, köp oýunçylar üçin 60 k/s bilen ýokary grafiki hiliň has amatly bolmagy mümkin.
Capcom optimizasiýa işlerine aýratyn üns berlendigini nygtap, ýokary kadr ýygylygynyň PS5 Pro-nyň esasy artykmaçlyklarynyň biri boljakdygyny belläp geçdi.
PC wersiýasy üçin häzirlikçe diňe maslahat berilýän ulgam talaplary belli: RTX 2060 Super ýa-da Radeon RX 6600 derejeli wideokarta. Oýun RE Engine hereketlendirijisinde döredildi, bu bolsa seriýanyň öňki bölümlerinde bolşy ýaly, gowy optimizasiýany wada berýär.
Gemplaý babatda Capcom takmynan 18 minutlyk wideolary çap etdi. Oýun iki esasy gahryman üçin tapawutly oýnalýar:
Bu çemeleşme Resident Evil Requiem-i seriýanyň iň dartgynly we köptaraply oýunlarynyň birine öwrüp biler.
Keywords