Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp gördi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.