Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanyna merkeziň gurluşygynyň häzirki ýagdaýy, bölümleriň enjamlaşdyrylyşy we daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berildi. Şeýle hem merkezde dörediljek şertler, otaglaryň ýerleşdirilişi we ulanyljak döwrebap lukmançylyk enjamlary boýunça taslamalar görkezildi.
Halkara pediatriýa merkeziniň 5 gatdan ybarat bolmagy we 3 ýaşdan uly çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemegi meýilleşdirilýär. Merkezde maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş we ýatymlaýyn bölümler bilen bir hatarda kliniki barlaghanalar, operasiýa otaglary, mejlisler zaly hem-de çagalar üçin ýörite oýun meýdançasy ýerleşdiriler.
Merkezde häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak göz öňünde tutulýar. Anyklaýyş bölüminde funksional we şöhle arkaly barlaglaryň dürli görnüşlerini geçirmek üçin döwrebap enjamlar, şol sanda endoskopiýa enjamlary oturdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow merkez çagalar üçin niýetlenendigi sebäpli, onuň içki gurşawynyň körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolmalydygyny belledi. Otaglaryň dizaýnynyň çagalaryň ünsüni çekýän, bejergi döwründe olaryň özlerini rahat duýmagyna ýardam edýän görnüşde bolmagyna aýratyn ähmiýet berildi.
Bejeriş bölüminde çagalaryň saglygyny dikeltmek we operasiýalary geçirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi bellenildi. Bu ýerde sanly rentgen, intensiw bejeriş enjamlary we häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylar. Şeýle hem bejergi wagtynda çagalaryň ünsüni sowmak üçin sanly ekranlardan peýdalanmak meýilleşdirilýär.
Operasiýa bölüminde beýleki degişli bölümler bilen onlaýn wideoaragatnaşyk ýola goýlar. Bu ulgam lukmanlara zerur maglumatlary dessine alyşmaga we çylşyrymly operasiýalar wagtynda degişli hünärmenleriň maslahatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutany merkezde näsaglaryň bejergisi baradaky maglumatlaryň elektron görnüşde saklanmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şeýle ulgam lukmanlara çaganyň öňki bejergileri we saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar bilen islendik wagtda tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş bölüminde hem zerur şertler dörediler. Näsaglara aýratyn gözegçilik etmek we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli talaplar göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk enjamlarynyň netijeli we uzak möhletleýin ulanylmagy, lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hem-de dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk tejribesiniň ornaşdyrylmagy boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem merkeziň ähli bölümlerinde arassaçylygyň, howa çalşygynyň we sanitariýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Ýatymlaýyn bölümlerde çagalar üçin amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Otaglarda döwrebap enjamlar bilen bir hatarda, çagalaryň dynç almagy üçin zerur mümkinçilikler hem üpjün ediler. Merkezde körpeler üçin ýörite oýun meýdançasynyň döredilmegi hem meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny tabşyrdy. Şeýle hem merkeziň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi.
Täze Halkara pediatriýa merkeziniň işe girizilmegi Türkmenistanda çagalaryň saglygyny goramak we olara edilýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm tapgyrlarynyň biri bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.