
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli eziz körpeleri we ähli halky tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleşi ýaly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde tanalýan eziz Watanymyzda bu şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary ýaş nesilleriň kalbynda egsilmez joşgun we aýdyň geljege uly ynam döreder.
Gutlag hatynda Çagalary goramagyň halkara gününiň adamzadyň dostluk, parahatçylyk hem-de asuda durmuş ýörelgelerini dabaralandyrýandygy, şeýle hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygy aýratyn bellenilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iň şanly çäreleriniň biri bolan bu baýram mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, şeýle-de ähli welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde guralýar. Ýurdumyzy, agzybir halkymyzy we dostlugy wasp edýän şadyýan çaga gülküleri Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada aýtmak bilen, aşakdaky möhüm ugurlara ünsi çekdi:
Döwlet Baştutany köp çagaly maşgalalary goldamagyň hem-de maşgala mukaddesliklerini goramagyň jemgyýetiň kämil ösüşindäki ornuny belläp, gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlara we ýurdyň geljegi bolan çagalara berk jan saglyk, uzak ömür hem-de bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Keywords