
Realme kompaniýasy täze flagman seriýasy bolan Realme GT 8 smartfonlaryny 21-nji oktýabrda, ýagny ertir, Hytaýda resmi taýdan tanyşdyrar. Tanyşdyrylyşdan bir gün öň kompaniýa enjamyň şekilini we reňk görnüşlerini ilkinji gezek görkezdi.
Täze Realme GT 8 modeli üç reňkde hödürlener: goňur-gök (Navi), ak (White) we ýaşyl (Green).
Täze model Ricoh GR synp derejeli kamera ulgamyna eýe boljakdygyny Realme resmi taýdan mälim etdi. Esasy kamera 50 megapiksel derejeli bolup, periskop görnüşli linza bilen enjamlaşdyrylar.
Smartfon 2K OLED ekran we 144 Hz täzelenme tizligi bilen üpjün edilýär — bu aýratynlyklar onuň Pro wersiýasy bilen deňdir.
Enjam Snapdragon 8 Elite çipseti ýerleşdiriler. Operasion ulgam hökmünde Android 16 esasynda işlenip düzülýän Realme UI 7 interfeýsi ulanylar.
Batareýanyň kuwwaty 7000 mA·s bolup, ol 100 wattlyk çalt zarýad tehnologiýasyny goldaýar. Şeýle hem smartfon 16 GB RAM we 1 TB içerki ýady bilen geler.
Täze Realme GT 8 dizaýn, tehnologiýa we öndürijilik taýdan 2025-nji ýylyň iň güýçli Android smartfonlarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Keywords