Rus dilini gowy bilýän daşary ýurt raýatlary üçin täze halkara bäsleşige gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Rus dili boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemlemegi maksat edinýär.
Bäsleşige daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar gatnaşyp biler. Gatnaşyjy toparlar 4 adamdan ybarat bolmaly. Toparyň düzümine:
16–35 ýaş aralygyndaky üç sany daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk şahs;
bir halypa girýär.
Ýaryşyň ilkinji tapgyrlary 2026-njy ýylyň iýul–oktýabr aýlarynda onlaýn görnüşde geçiriler. Saýlama tapgyrlarynyň netijeleri boýunça iň güýçli 30 topar jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin Moskwa şäherine çagyrylar.
Final tapgyrynda gatnaşyjylara:
ýüzbe-ýüz bäsleşikler;
medeni maksatnama;
dürli ýurtlardan gelen wekiller bilen duşuşyklar we pikir alyşmalar garaşýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine «Rus dili boýunça dünýä çempiony» diýen at, ýörite kubok hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýeňilligi esasynda Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde bilim almak mümkinçiligi berler.
Jemleýji tapgyryň 2026-njy ýylyň 19–23-nji noýabry aralygynda Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak mugt bolup, arzalar 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Ýaryşyň şertleri we has giňişleýin maglumat bilen resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar:
https://russianchampionship.com
Taslama Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.