
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy RF-nyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza meýilleşdirilen saparyna işjeň taýýarlyk işlerini alyp barýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Russiýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.
Prezident Wladimir Putiniň Türkmenistana sapary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň sammiti bilen utgaşar. Bu möhüm halkara çäre 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Ilçi Iwan Wolynkin öz çykyşynda ilçihananyň bu uly çärä ýokary derejede taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Çykyşyň dowamynda rus diplomaty iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belläp geçdi. Ol rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Ilçi Iwan Wolynkin GDA-nyň döredilenine 35 ýyl dolmagynyň Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwrüne gabat gelmeginiň aýratyn mana eýedigini belledi. Ýakynda, 22-nji maýda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Russiýanyň Hökümet başlygy Mihail Mişustiniň gatnaşmagy we onuň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňliginiň görkezijisi boldy.
Keywords