
Şu ýylyň 4 — 6-njy iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guralar. Bu giň gerimli çäre Moskwanyň ýaşaýjylaryna hem-de onuň köpsanly myhmanlaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk baý däp-dessurlary, medeniýeti we ajaýyp sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döreder.
Bu halkara waka iki ýurduň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de «Roskonsert» federal döwlet býujet medeniýet edarasynyň ýakyndan goldamagynda guralýar.
Medeniýet günleriniň çäklerinde saz we teatr sungatynyň muşdaklary üçin ýokary derejeli hem-de baý mazmunly maksatnama taýýarlanyldy. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, belli wokalçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagyndaky dabaraly çykyşlar Russiýanyň paýtagtynyň iň meşhur sahnalarynyň ikisinde geçiriler.
Guraljak çäreleriň dowamynda diňe bir aýdym-sazly konsertler bilen çäklenilmän, eýsem myhmanlar üçin özboluşly tematik sergiler hem gur bolar. Sungat söýüjiler üçin taýýarlanylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerinde türkmen halkynyň gadymy milli senetçiliginiň, ajaýyp halylarynyň hem-de asyrlar boýu saklanyp gelýän gymmatlyklarynyň sebitdäki iň täsirli nusgalary görkeziler.
Keywords