Russiýa Federasiýasy «GDA+Eýran» atly hyzmatdaşlyk we dialog formatyny döretmek baradaky başlangyjy jikme-jik öwrenmäge hem-de ony Arkalaşygyň beýleki ýurtlary bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Pankin TASS habarlar agentligine beren interwýusynda habar berdi.
Diplomat bu başlangyjyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian tarapyndan öňe sürlendigini ýatlatdy. Ol 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şunlukda, Masud Pezeşkian Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrylan ilkinji Eýran lideri boldy. Russiýa hem bu duşuşygy kabul eden Türkmenistanyň başlangyjyny ilkinji bolup goldan ýurtlaryň hatarynda çykyş etdi.
«GDA+1» görnüşinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip Arkalaşyga agza ýurtlaryň paýtagtlarynda uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň bellemegine görä, GDA bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Şeýle hem üçünji ýurtlary Arkalaşygyň işine çekmäge mümkinçilik berýän «GDA+» formatynyň eýýäm hereket edýän mehanizmleri täze başlangyjy durmuşa geçirmek we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.
Bu başlangyjyň ara alnyp maslahatlaşylmagy GDA ýurtlary bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşup biler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.