S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň ähli ugurlarynda we okuw ýyllarynda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň çäklerinde gatnaşyjylara ilatyň ekologik toparlary we biosfera, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologik meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologik monitoring, ekologik kanunçylyk hem-de halkara guramalary ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar hödürlener.

Olimpiadanyň ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berler. Bäsleşigiň iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.

Olimpiada gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri 24-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşmak isleýän talyplar uniwersitetiň resmi web sahypasynyň «Halkara olimpiadalar» bölüminde hasaba alnyp bilerler. Şeýle hem bu bölümde bäsleşik barada goşmaça maglumatlar bilen tanyşmak mümkin.

Olimpiadanyň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, olaryň ylym we ylmy barlaglara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle-de bu bäsleşik Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.