
Pasyl çalşygynda möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek töwekgelçiligi artýar. Şol günlerde dürli antibiotik serişdeleri kabul edip, özbaşdak bejergä başlanylýan ýagdaýlara kän gabat gelinýär. Ýöne bu düýbünden ýalňyş bolup, saglygymyza zyýan ýetirip bilýär. Biz bu dogrusynda Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň lukmany Muhabbat Orunbaýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Antibiotikler näme we olary haçan ulanmaly?
— Antibiotikler keselleri bejermek üçin ulanylyp, bakteriýalardyr mörjewleriň köpelmegini togtadýan dermanlyk serişdedir. Antibiotikler, esasan, möwsümleýin ýokanç keselleri, inçekeseli, salmonellýozy we beýleki keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Olary ulanmagyň düzgünini bolsa lukmanlar kesgitleýärler.
— Diýmek, antibiotikleri özbaşdak içmek bolmaýar-da?!
— Köp adamlar biraz gyzgyny göterilse ýa-da bokurdagy agyrsa, derrew antibiotik serişdelerini kabul edýärler. Bu dogry däldir. Çünki derman serişdelerini özbaşdak ulanmak güýçli allergiýa ýa-da aşgazan-içege kesellerine eltip biler. Şeýle-de antibiotikler içegeleriň kadaly işleýşiniň bozulmagyna getirýär. Ýagny aşgazan-içege ýolundaky peýdaly bakteriýalaryň 30 göterimini ýok edip bilýär. Bulardan başga-da antibiotikler kömelek ýokançlarynyň döremegine hem sebäp bolýar. Kömelekler bolsa, öz gezeginde, aşgazan-içege ýollarynyň nemli bardasyna, şeýle hem deri we peşew bölüp çykaryş ulgamlaryna zeper ýetirýär. Şonuň üçin islendik derman serişdeleri ýaly, antibiotikleri hem lukmanyň gözegçiliginde ulanmaly.
— Antibiotikleriň bejerijilik häsiýetiniň aýratynlyklary barada hem aýdaýsaňyz!
— Antibiotikler işjeň maddalary, bakteriýalary doly ýok edýär we bakteriýalaryň ösüşini, ýaýramagyny togtadýar. Şunda adam bedenindäki kesel dörediji mikroflora aýrylýar. Ýokanç kesellerde wiruslara garşy dermanlar has netijelidir. Halk lukmançylygynda antibiotikleriň ýerine sogan, sarymsak, gyzyl burç ýaly gök önümler ulanylypdyr. Bu önümler häzirki wagta çenli hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.
— «Özümi eýýäm gowy duýýaryn» diýip, dermanlary ulanmagyň kesilýän ýagdaýlaryna hem kän gabat gelinýär. Şu dogrumy?
— Ine, şu hili ýagdaýlarda, esasan-da, antibiotikler ulanylanda, örän ünsli bolmaly. Lukmanyň bejergisini dogry ulanyp, ahyryna çenli tamamlamaly. Bejergi doly tamamlanmadyk ýagdaýynda bedendäki ejiz bakteriýalar ýok bolup, iň güýçlüleri bolsa galýar we olar täzeden köpelýärler. Şol sebäpden ýene bir gezek ýatladýarys, antibiotikler diňe lukmanyň maslahatyna görä takyk ulanylmalydyr.
— Pasyl çalşygynda berjaý edilmegi möhüm düzgünler haýsylar?
— Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, milli sanjym tertipnamasyna laýyklykda ýurdumyzda möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar giňden ýola goýuldy. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip bilýär.
Gyş we ýaz paslynyň sepgidinde bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp içmeli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýokumlara baý önümleri kabul etmeli.
— Beren degerli maslahatlaryňyz üçin köp sagboluň!
Keywords