Häzirki zaman lukmançylygy we iýmitleniş ylmy miwe iýmegiň iň sagdyn usullary barada täze maglumatlary açyp görkezýär. Geçirilen soňky ylmy barlaglar, miwäniň diňe bir suwuny içmekden görä, onuň özüni iýmegiň ýa-da blenderden geçirip (smuzi) ulanmagyň has peýdalydygyny subut etdi.
«Frontiers in Nutrition» žurnalynda çap edilen makalada bellenilişi ýaly, taýýar miwe şirelerini çendenaşa köp ulanmak saglyk üçin käbir töwekgelçilikleri döredip bilýär. Alymlaryň anyklamagyna görä, miwe şiresini köp içýän adamlarda süýji keseli we holesteriniň ýokarlanmagy ýaly oňaýsyz ýagdaýlar has ýygy duş gelýär.
Munuň esasy sebäbi şire sykylyp alnanda, miwäniň düzümindäki iň gymmatly bölek bolan öýjükli süýümleriniň (kletçatkasynyň) we köp sanly witaminleriniň ýitmegidir. Şol bir wagtyň özünde, miwe blenderden geçirilip smuzi görnüşinde taýýarlananda, ähli peýdaly maddalar we witaminler doly saklanyp galýar. Şeýle üwelen miwe bedene has aňsat siňýär we ýokumlylygy ýokary bolýar.
Bilermenler miwäni az iýýän ýa-da diňe suwuny içmek bilen çäklenýän adamlarda diňe bir fiziki däl, eýsem psihologik meseleleriň hem ýüze çykyp biljekdigini duýdurýarlar. Gözlegler şeýle şahslarda:
- Ukusyzlyk,
- Ruhy bozulmalar we stress,
- Semizlik ýaly ýagdaýlaryň has köp duş gelýändigini görkezýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hünärmenleri sagdyn durmuş üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:
- Günlük mukdar: Her gün azyndan 400 gram gök önüm we miwe iýmek zerurdyr.
- Şire çäklendirmesi: Gün dowamynda içilýän miwe şiresiniň mukdary 150 ml-den geçmeli däldir.
- Goşulyşma: Iki ýa-da üç dürli miwäni garyşdyryp iýmek, bedeni dürli witaminler bilen has baýlaşdyrmaga ýardam edýär.
Netijede, miweleri gaýtadan işlenen taýýar şire görnüşinde däl-de, özüni iýmek ýa-da goýy smuzi görnüşinde ulanmak bedeniň goranyş ulgamyny berkidýär we umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrýar. Saglygyňyzy goramak üçin tebigatyň beren bu önümleriniň süýümi we witaminleri bilen bilelikde peýdalanyň!







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.