
Science Advances žurnalynda çap edilen barlaglara görä, dogry iýmitlenmek adamyň ömrüni 1 ýyldan 4,3 ýyla çenli uzaldyp bilýär. Huajun uniwersitetiniň alymlary UK Biobank-yň 100 müň gatnaşyjysynyň maglumatlaryny öwrendiler. Netijede, hatda "erbet" genleri bolan adamlar üçin hem sagdyn iýmitiň peýdalydygy subut edildi. Esasanam gök önümler, miweler we däneli iýmitler (AHEI indeksi) erkeklere ortaça 4,3 ýyl, zenanlara bolsa 3,2 ýyl goşmaça ömür berýär.
Keywords