Samsung kompaniýasy geljekki flagman smartfonlarynyň bahalaryny ýokarlandyrmazlyk barada karar kabul etdi. Bu barada meşhur insaýder Ice Universe koreý köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berdi.
Çeşmä görä, Galaxy S26, Galaxy Z Fold8 we Galaxy Z Flip8 hatarlaryna degişli smartfonlaryň bahalary öňki nesilleriň derejesinde galar. Şeýlelikde, günorta koreý öndürijisi iň bolmanda geljek alty aýyň dowamynda häzirki baha syýasatyny saklamagy meýilleşdirýär.
Galaxy S26 hatarynyň — Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra modellerini öz içine alýan — resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda San-Fransiskoda (ABŞ) geçiriljek uly çärede bolar. Täze flagmanlaryň bölek satuwy 2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda başlanmagyna garaşylýar.
Şeýle-de, söwda torlarynyň maglumatlaryna görä, Galaxy S26 smartfonlarynyň Türkmenistana iberilmegi hem 2026-njy ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýär. Bu bolsa täzelikleriň halkara we sebit bazarlaryna diýen ýaly bir wagtda çykjakdygyny aňladýar.
Eplenýän smartfonlaryň tanyşdyrylyşy adatça tomus aýlaryna meýilleşdirilýär: Galaxy Z Fold8 we Galaxy Z Flip8 modelleriniň 2026-njy ýylyň iýul aýynda görkezilmegi mümkin. Olaryň bahalary hem üýtgemez.
Ondan öň internetde Galaxy S26 we Galaxy S26 Ultra maketleriniň janly suratlary we wideolary çap edilipdi, olar geljekki enjamlaryň dizaýn aýratynlyklaryny tassyklaýar.
Ice Universe Samsung önümleri boýunça iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar. Ol ozal “şarlawuk” ekranly smartfonlar trendi, iPhone X-daky çolka, iPhone 14-iň täzeden işlenen dizaýny hem-de Samsung-yň 200 megapikselli kamera datçigini ilkinji bolup takyk habar beripdi. Onuň aýtmagyna görä, eksklýuziw maglumatlar günorta koreý tehnologiýa ägirdiniň ylmy-barlag we inženerçilik bölümlerinden gelýär.
Keywords