
Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen smartfonlar diňe bir aragatnaşyk guraly däl-de, eýsem maglumatlar dünýäsine açylýan gapydyr. Emma bu "gapynyň" yzygyderli we nädogry ulanylmagy, adam fiziologiýasyna, aýratyn hem beýniniň işjeňligine özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýär.
Tehnologiýanyň yzygiderli kämilleşmegi maglumat akymynyň tizlenmegine getirdi. Elektron poçtalardan gelýän hatlar, durmuş ulgamyndaky täzelikler we sosial mediadaky bildirişler beýniň hemişe oýanyşlykda bolmagyny talap edýär. Bu bolsa:
Alymlar uzak wagtlap ekrana seredip oturmagyň we maglumat hemişe garaşmagyň beýni öyjüklerinde aşa ýadamaklygy döredýändigini belleýärler. Smartfonlar tarapyndan döredilýän "höweslendiriji" täsirler, wagtyň geçmegi bilen adamyň asuda pikirlenmek ukybyna we ýatkeşligine zeper ýetirip biler.
Öz wagtynda dolandyrylmasa, telefon ulanmak endigi uly adamlaryň işindäki öndürijiligini peseltse, çagalaryň okuwda özleşdiriş ukybynyň peselmegine getirýär. Maglumatlaryň "çalt sarp edilmegi" çuňňur düşünmek we seljermek endigini gowşadýar.
Keywords