
Berkarar döwletimizde ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Elektrik ulgamlarynyň yzygiderli we howpsuz işlemegi diňe bir pudaklaýyn hyzmatlaryň däl-de, eýsem, jemgyýetiň gündelik durmuşynyň, önümçiligiň hem-de oba hojalygynyň kadaly alnyp barylmagynyň esasy şertidir. Şonuň üçin hem elektrik energiýasyndan peýdalanylanda, bellenilen düzgünleriň berjaý edilmegi her bir raýatyň borjudyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 28-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanylan «Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryna» laýyklykda howa arkaly geçýän elektrik geçiriji ulgamlaryň töwereginde ýörite gorag zolaklary bellenilýär. Bu zolaklar dürli güýjenmedäki geçirijiler üçin anyk aralykda kesgitlenilýär. Gorag zolaklarynyň maksady elektrik geçiriji ulgamlary daşarky täsirlerden goramak, heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmekdir.
Şol düzgünlere laýyklykda howa elektrik geçiriji ulgamlarynyň gorag zolaklarynda ot ýakmak gadagan edilýär. Şeýle hem degişli edaralaryň ýazmaça ylalaşygy bolmazdan, bu zolaklarda binalary gurmak, abatlamak, ýer gazmak, partladyş işlerini geçirmek, bag we gyrymsy agaçlary ekmek ýa-da çapmak, meýdan düşelgelerini ýerleşdirmek, mal ýataklaryny gurmak, beýikligi 4,5 metrden geçýän ulaglary we enjamlary geçirmek gadagandyr.
Gynansak-da, käbir ýagdaýlarda bu kadalaryň bozulmagy netijesinde howa elektrik geçiriji ulgamlary adatdan daşary ýagdaýda öçýär. Gorag zolaklarynda alnyp barylýan bikanun gurluşyk ýa-da abatlaýyş işlerinde işleýän adamlaryň elektrik togunyň täsirine düşüp, betbagtçylykly hadysalara sezewar bolýan ýagdaýlary hem gabat gelýär. Munuň özi senagatda, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda we beýleki pudaklarda bökdençliklere, ykdysady taýdan uly zyýanlara sebäp bolýar.
Şunuň bilen baglylykda watandaşlarymyzdan howa elektrik geçiriji ulgamlarynyň golaýynda ot ýakmakdan we gorag zolaklarynda gadagan edilen islendik işleri geçirmekden gaýra durmaklaryny haýyş edýäris. Bellenilen düzgünleri berjaý etmek — biziň hemmämiziň howpsuzlygy, ýurdumyzyň elektrik üpjünçiliginiň bökdençsizligi we umumy abadançylygymyz üçin zerur şertdir.
Keywords