
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany, dünýä çempiony Serhio Ramos hyzmatdaşlary bilen bilelikde «Sewilla» futbol klubuny satyn almak boýunça prinsipial ylalaşyga geldi. Bu barada ispan radiostansiýasy Cadena SER habar berdi.
Maglumata görä, Ramosyň gatnaşmagyndaky Five Eleven Capital holdingi bilen baglaşylan geleşigiň bahasy 450 million ýewro barabar. Häzirki wagtda taraplar klubuň maliýe hasabatlaryny jikme-jik seljermäge girişýärler.
39 ýaşly futbolçy «Sewilla» klubunyň terbiýelenen oýunçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde 2004–2005-nji ýyllarda, şeýle hem 2023–2024-nji möwsümde çykyş edipdi. Ramosyň professional karýerasy «Real Madrid» bilen aýratyn tapawutlanýar: ol bu klub bilen bäş gezek Ispaniýanyň çempiony, dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, PSŽ bilen Fransiýanyň iki gezek çempiony boldy.
Milli ýygyndynyň düzüminde Ramos 2010-njy ýylda dünýä çempiony, 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempiony boldy.
Häzirki möwsümde «Sewilla» La Liganyň ýaryş sanawynda 11-nji orunda ýerleşýär. 21 duşuşykdan soň toparyň hasabynda 24 utuk bar.
Keywords